Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji, 46-njy orta mekdeplerde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary diýseň täsirli boldy. Etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan duşuşyklaryň esasy maksady ýol hereketiniň kada-düzgünlerini ýaş nesle düşündirmekden we olaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşyklarda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Onuň barşynda ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden, ýanýodalardan, ýerasty geçelgelerden, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri boýunça ýaşlara öwüt-ündewler aýdyldy.