Ylym äleminiň ägirdi

16 Sentýabr 2024
579

Soltan Mahmyt Gaznaly 1007-nji ýylda ibn Sinany köşgüne getirmek üçin wezirini we beýleki ýakynlaryny belli lukmanyň ýanyna iberýär. Emma Abu Aly gazaply hökümdara gulluk etmekden ýüz öwrüp, halypasy Abu Sähl bilen maslahatlaşýar-da, ýanlaryna kitaplaryny, şägirdi Rehmedi alyp, Nusaýa gaçyp barmaly diýen karara gelýär. Ýoluň ýaryndan gowragyny geçenlerinde, bular garakçylara sataşýar. Zordan olardan gaçyp gutulýarlar. Emma şol gaçha-kowlukda bir näkesiň ýaýyndan sypan ok gelip, Abu Sähliň egnine çümýär. Garagumuň jöwzaly yssysynda ýarasy azyp, halys tapdan düşen halypasy Abu Sähle em edeýin diýse, ibn Sinanyň däri-dermanlary ýanynda däl ekeni. Olar ýaralyny halas etmek üçin Rehmet bilen golaýdaky oba tarap näçe düýeleri gyssap sürseler-de, maksadyna ýetip bilmeýär. Çarwa obasy meşhur ibn Sinany we onuň ýoldaşyny gujak açyp garşy alypdyrlar. Emma barha beterleýän ýara ol ýerde-de ýeterlik dermanlyk serişde tapylmandyr. Obanyň ýaşulularynyň biri olara şol ýerden bir günlük ýol ýöreseler, Parawanyň golaýynda tebip çarwa gyzynyň bardygyny salgy berýär. Olar Abu Sähli alyp, gyssanmaç ýola düşýärler. Düýeleri näçe gyssap sürseler-de, wagty bilen barmaly ýerine baryp ýetmändirler. Çünki erbet şemal turup, tüweleýläp, ýoldan azaşypdyrlar. Şol tupanly gün Abu Sähl hem ajalyň öňünde ýan beripdir. Ibn Sina ýakyn dosty, sylagly halypasy Abu Sähli şol ýerde jaýlaýar. Uzak ýol hem-de halypanyň başyna inen betbagtçylyk sebäpli egbarlap, halys ruhdan düşen Rehmediň hem ýagdaýy barha agyrlaşypdyr. Şeýle bolansoň, ýoly gyssanmaç dowam etdirmeli bolupdyrlar.

Salgy berlen ýere baranlarynda tebip gyzyň öýüniň töweregi diýseň köp adamly ekeni. Nobata duran ýüzlerçe adama goşulyp, bular hem tebip gyzyň özlerini çagyraryna garaşypdyrlar. Bir gowy tarapy her bir-iki sagatdan tebip gyz daşary çykyp, gelenlere göz aýlaýan eken we keselleri ötüşip, halys tapdan düşenleri öz ýanyna nobatsyz goýbermäge rugsat berer eken. Ibn Sina dagynyň bu ýerde duranyna uzak wagt geçmänkä öýden çykan dört örüm saçly türkmen gyzy gelenleri synlap, ibn Sinany we onuň ýoldaşyny binobat goýbermeklerini towakga edipdir.

Abdylhalyk JUMADOW,
«Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory.