Milli Liderimiziň gönüden-göni baştutanlygynda kanuny esaslaryň döredilmegi bilen döwletimiziň kärhanalaryna, edaralaryna, guramalaryna maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary girizilip, maliýe hasabatlyklary dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Ählitaraplaýyn kämilleşdirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi, daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilýän bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artdyrylmagy döwletiň, ýuridik şahslaryň dolandyryjylarynyň, olary esaslandyryjylaryň, paýdarlaryň ygtybarly we maliýe hasap maglumatlaryna bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Ykdysady ulgamlar bilen bilelikde ösüşi gazanmakda, halkyň durmuş, ýaşaýyş derejelerini has-da ýokarlandyrmakda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, maliýe-karz we bank ulgamlarynyň ähmiýeti barha artýar.
Häzirki zaman gurallary we standartlary iş tejribesine girizilýär, olardan giňden peýdalanylýar. Bu döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemekde, innowasiýalary ornaşdyrmak, ulanmak, kämilleşdirmek bilen bagly hünärmenleri taýýarlamakda hem giňden ulanylýar.