Taryh döwletleriň maddy, halklaryň ruhy-medeni ösüşleriniň ylma esaslanýandygyny döwürleriň we eýýamlaryň synaglaryndan geçirip subut etdi. Hut şu jähetden hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap bilim ojaklarynyň ýylsaýyn artýan gurluşygy yzygiderli dowam etdirilip, olarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerip, çagany ýaşlykdan alada bilen gurşap almak, orta mekdepde bilim-sowat öwretmek hem-de ýokary okuw mekdepde kämil hünärmen edip ýetişdirmek, olary ylma höweslendirmek baş maksadymyzdyr. Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýaşlara berilýän bilimiň ýokary hil derejede bolmagyny maksat edinip, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm ähmiýetli üstünliklerinden biri — ylma esaslanýar. Şular bilen birlikde, ýurduň milli bilim we ylym ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulmagy gazanyldy.