«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Halkymyzda ulyny sylamak, olara sala salmak döwletlilik saýylýar. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar. Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär.