«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
Indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrülip, dowam edip gelýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem badalga berlip, giň gerimde dowam edýär. Bu çäräniň her ýylda geçirilmegi ýurdumyzyň ähli künjeginde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda, şäherlerimizde, köçelerde, ýollarda ýol hereketine gatnaşýan dürli kysymly ulaglaryň sürüjileri, pyýada ýolagçylar tarapyndan ýol-hereket düzgünleriniň doly derejede berjaý edilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar.