«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
Küşt oýny öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar, ýagny taryhy maglumatlara görä küşt oýny dürli döwürlerde dürli dillerde dürli atlar bilen atlandyrylypdyr, onuň oýun hökmünde ýüze çykmagyna, takmynan, 2000 ýyl töweregi wagt geçendir diýlip çaklanylýar. Küşt oýny Hindistanda döräpdir diýlen çaklamalar öz gözbaşyny V-VI asyrlarda Hindistanda küşt oýnuna çalymdaş oýnalan «çaturanga» oýnundan alyp gaýdýar, şol döwürlerden bäri bu oýnuň dürli ýurtlarda we dürli döwürlerde dürlüçe atlandyrylyşy bolup, bularyň ählisi hem soňra dünýä ýüzünde sportuň bir görnüşi hökmünde oýnalyp başlaýar. Ol adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.