«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
«Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlişi ýaly, adam dünýä inende arzuwlary bilen dünýä inýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. Diňe çagalar däl, eýsem uly ýaşlylar hem öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin arzuw edýärler. Üstünlik gazanmak bolsa adamyň arzuwdyr-islegleriniň ädim-ädim amala aşyp barýandygynyň aýdyň görkezijisidir.