Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çäresi Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde hem geçirildi.
TDP-niň welaýat we Daşoguz şäher komitetleriniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemgyýetçilik ähmiýeti hakynda täsirli söhbet edildi. Çykyşlarda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmak babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreler öz beýanyny tapdy.