Şeýle at bilen Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesiniň medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlap dabaraly çäre geçirdik. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Çärede şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň giň gerime eýe bolýandygy, Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleri has-da pugtalandyrmak babatda raýatlarymyzyň, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň oý-pikirleriniň, teklipleriniň öwrenilýändigi, munuň bolsa wekilçilikli forumda il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmäge ýardam berjekdigi buýsanç bilen bellenildi. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet we adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.