Şahsy düzümiň düzgün-tertibini gazanmakda nyzam taýýarlygynyň aýratyn orny bardyr. Ol esgerlerde ykjamlylygy, yhlaslylygy, çydamlylygy, serkerdä tabyn bolmak endiklerini terbiýeleýär. Esgerlere özüni harbylarça alyp barmagy, harby lybasy dogry geýmegi öwredýär. Nyzam taýýarlygy boýunça okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi esgerlerde tertip-düzgüniň ýokary derejesini emele getirýär. Nyzam düzgünnamasynyň talaplarynyň sazlaşykly, dürs ýerine ýetirilmegi esgerlerde arassa, gelşikli, tertipli bolmaga, hereketleriniň sazlaşykly bolmagyna höwes döredýär, olaryň özüne ynamyny, şahsy düzümiň jebisligine we bütewüligine bolan buýsanjyny ösdürýär.
Serhet gullugynyň şertlerinde tertiplilik, nyzama tiz we dogry durmak her bir serhetçi esgeriň şahsy tertipliligini ösdürmek arkaly gazanylýar. Nyzam taýýarlygynda fiziki alamatlaryň agdyklyk edýändigi sebäpli, ol serhetçi esgerden onuň manysyna we maksadyna çuňňur düşünmegi talap edýär. Şonuň üçin serkerdeler esgerlere nyzam taýýarlygynyň söweşjeň taýýarlykdaky ornuny we ähmiýetini yzygiderli düşündirmelidirler.