Ak öýlere ýaraşyk...

5 Sentýabr 2024
476

Ir zamanlar sallançak, esasan, ýüpden bolupdyr. Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Geçmiş taryhymyzda pederlerimiz öýüň dulundan 2,5 — 3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Dikilen agaçlar «ýaba» diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr. Iki gat ýüpüň her ujuny bir agaja birikdiripdirler. Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip, ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar. Palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly, üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajyny germäpdirler. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly, her ujuny köwüpdirler. Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler. Owadan alaja işip, sallançak bagyny dakypdyrlar. Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler. Batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly, sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan guralan ýelpewajy asypdyrlar. Ýelpewajyň eteginden elýeter ýerde çaga oýnar ýaly düwme, şelpe, monjuk, aşyk we matadan ýasalan gurjak asypdyrlar. Çagany gözden-dilden gorasyn diýen niýet bilen yrym edip, sallançagyň ýokary gyrasynda göze ilýän ýerinden dagdan agajynyň bölegini hem daňyp goýupdyrlar. Sallançagy sähetli gün, ýagny çarşenbe güni ýasap taýýarlapdyrlar.

XX asyryň ortalarynda türkmenlerde sallançagy agaçdan ýasamak usuly peýda bolupdyr. Agaç ussalary sallançak üçin dürli agaçlardan peýdalanypdyrlar. Olar agaçlary böleklere bölüp, ýonup, çaga niýetlenen ölçeglerde sallançak ýasapdyrlar. Käbir ussa sallançakda çaganyň ýatýan ýerini, ýagny sallançagyň nowasyny (okara, gozak) hem agaçdan ýasap başlapdyr. Onuň dört çüňkünden agajy artygrak çykaryp, ýüp daňyp, sallançagyň iki aýagyny birikdirýän, ýokardan geçýän «sallançagyň depeligine» daňypdyrlar. Depelik hem agaçdan bolupdyr. Sallançagyň aýaklaryny onuň süňňi gowşamaz ýaly, dykyzrak, agyrrak agaçlardan ýasapdyrlar. Sallançaklar kämil görnüşde bolmasa-da, adamlar bir-birekden görüp, oňa isleg bildirip başlapdyrlar. Sallançagyň esasy aýaklary we iki aýagyň ýokarsyny birikdirýän depeligi hem-de aýaklary aşakdan birikdirýän birikdirijileri, ýagny «sallançagyň oky» agaçdan bolupdyr. Olar hem bir-birine ýüp bilen ýa-da sim bilen berk daňmak arkaly ýerine ýetirilipdir. Her ussa sallançagy özüçe işläp, kämilleşdirip ýasapdyr. Agaçlaryň ýüzüni oýup, nagyşlapdyrlar. Soň-soňlar sallançaga reňk berip, nagyş çekmegi hem girizipdirler. Müşderiniň islegine görä, agaç sallançaklaryň görnüşlerini artdyrypdyrlar.

Allaberdi BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy.