Maksatly menzil aşar
Oba hojalyk işgärleri üçin ýene bir möhüm möwsüm — ýetişdirilen gowaça hasylyny ýygnamak möwsümi barha ýakynlap gelýär. Bu babatda pagtaçy kärendeçiler, daýhan birleşikleriň, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary ähli tarapdan taýýarlyk görýärler. Ählisiniň maksady daýhan yhlasy bilen kemala gelen “ak altyny” wagtynda we isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat bolup durýar.