Bugdaý ekişi badalga alýar

4 Sentýabr 2024
430

Ýene-de bereketli güýz pasly bosagamyzdan ätledi. Bu döwre öňden garaşýan daýhan bilini mäkäm guşap, meýdana çykdy. Kemsiz tekizlenip ekişe gowy taýýarlanan atyzlar göýä tohuma garaşýan ýaly. «Çarşenbede çar ýana» diýýän türkmen bu güni sähetli gün hasaplap, döwletli tutumlary şoňa gabatlapdyr. Ine, şu gün, çarşenbe gününde hem ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy esasynda, ak sakgally ýaşulularymyzyň «bismilla» bilen başlap bermeginde güýzki bugdaý ekişi badalga alýar.

Daýhanlaryň ýeri ekişe birkemsiz taýýarlaýşyndan, tehnikalaryň üpjün edilişinden bugdaý ekişiniň öz möhletinde, ýokary hilli geçiriljekdigini aňmak bolýar. Galyberse-de, bu ýyl oba hojalygynda geçirilen özgertmeler daýhanyň-da, mehanizatoryň-da ýere bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgüdi bilen, esasy oba hojalyk önümleri bolan pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy önümçilige oňyn täsirini ýetirdi. Janypkeş daýhan her daban ýerden aljak hasylyny, topragyň düzümini nazary bilen ölçeýär. Bu babatda asylly ýörelgelere eýerýär. Ata-babalarymyzdan galan “Baýlygyň enesi — ýer, atasy zähmet”, “Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar”, “Ala sürlen ýeri çöp basar” ýaly onlarça pähim-paýhasa ýugrulan sözler bu günki günde hem asylky ähmiýetini saklap galýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).