Edermen, zähmetsöýer gallaçy daýhanlar her ýylyň güýzlük bugdaý ekişini ýokary taýýarlyk bilen garşylaýarlar. Tomusda, galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlenýär, dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş berip, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berjaý edilýär. Ekiş üçin ýokary hasylly bugdaý sortlarynyň ýokary hilli tohumlary taýýarlanylýar. Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Netijede, ekişe hemmetaraplaýyn, doly taýýarlyk görlensoň, mele topragyň gerşine guşgursak dänäni ekmegiň wagty gelýär. Ekiş möhletini örän takyk bellemeli. Munuň üçin howanyň güýzlük ekişe, ekişden soňky gögerişe oňaýly bolaýjak ýagdaýyny içgin öwrenmeli. Dogry, halk arasynda ekiş döwürlerini tebigy alamatlar boýunça kesgitlemek ynanjy hem bar. Mysal üçin, «güýzki bugdaýyň ekişine igde miwesiniň daşy ýaldyrap başlanda girişibermeli» diýýärler. Bu bir ynanç. Aňymyzda ýer alan şeýle yrym-ynançlary diňe milli mirasymyzyň bir ülşi hökmünde kabul etmeli.
2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip: «Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr» diýip, zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.