Möhüm möwsüme taýýarlykly barylýar

3 Sentýabr 2024
489

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak we bu babatda kärendeçileriň hem-de ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmeklerini gazanmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyndaky özgertmeleriň çäklerinde biziň welaýatymyzda-da 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Welaýatyň edermen daýhanlary geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenilen oba hojalyk meýdanlaryny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda sürüp, suwaryp, tekizläp, mineral we organiki dökünler bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme taýýarlykly geldiler.

Şu oba hojalyk ýylynda welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilýär. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly ýerli görnüşleri bilen bir hatarda biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseiç» we «Bezostaýa-100» ýaly görnüşleriniň tohumlary hem taýýarlanyldy. Geçen ýyllarda synagdan geçen bugdaýyň «Alekseiç» görnüşi şu ýyl welaýat boýunça 93 müň 206 gektara, «Bezostaýa-100» görnüşi bolsa 31 müň 10 gektara ekiler. Bu möwsümde dünýäniň öňdebaryjy «John Deere», «CLAAS», «Case» kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlar, ekijiler we beýleki tehnikalar ulanylar. Geljek ýylda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýän gallaçy kärendeçilerimiziň alyp barýan işleri arzyly sepgide ýetiljekdigine güwä geçýär.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.