Belent ynama ygrarly nesil

28 Awgust 2024
501

Häzirki döwürde ýaş nesle bilim we terbiýe berlişini hil taýdan ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde berilýän üns has-da artýar. Şonuň netijesinde her bir mugallym-hünärmeniň okuw-terbiýeçilik işini guramak boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin iş tejribesine ornaşdyrylýan täze usullaryň gerimi barha artýar.

Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin maksatnamalaýyn işleri amal edýärler. Daşoguz şäherinde ýerleşýän iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň gujur-gaýratlaryny gaýgyrman çeken zähmetleriniň netijeleri, mekdepde bilim alýan ýaş nesliň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri, geçen okuw ýylynyň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň dürli derejedäki bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşyp, has oňat netijeleri görkezmekleri olaryň  yhlasynyň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mekdebimiziň okuwçylary geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 32 orna, welaýat tapgyrynda 50 orna, döwlet tapgyrynda 16 orna, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 5 orna, welaýat tapgyrynda 4 orna, döwlet tapgyrynda 2 orna, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly robot-taslama bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 2 orna, welaýat tapgyrynda 2 orna mynasyp boldular.

Sylapberdi MÄTIÝEW,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.