Basgan

28 Awgust 2024
559

Şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň has irki döwürlerden bäri ekerançylyk bilen meşgullanyp gelendigi barada baý maglumatlara gabat gelmek bolýar. Şol döwürlerde daýhançylykda giňden ulanylan pil, kätmen, orak, aňňal ýaly iş gurallary ýörite demirçi ussalaryň ussahanalarynda ýasalypdyr. Demirçi ussalaryň pirli senedi nesilden-nesle geçirilip, dowam etdirilipdir. Geçen asyryň ortalaryna çenli türkmen obalarynda demirçilik ussahanalary öz hyzmatlaryny ile hödürläpdirler. Zähmet gurallaryny, öý hojalygyna zerur enjamlary ýasamak üçin demirçi ussalar ýörite demir eredilýän körüklerden peýdalanypdyrlar. Körükdäki kömrüň, sazagyň közüni köredip, howruny güýçlendirmek üçin «basgan» diýlip atlandyrylýan guraly ulanypdyrlar. Ol daşyndan kebelegiň ganatlaryna çalym edýär. Köplenç, olaryň bir ganatly we iki ganatly görnüşleri duş gelýär.

Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky geňeşligindäki taryh muzeýinde gadym döwürlerde ulanylan körügiň iki ganatly basgany saklanyp galypdyr. Ol ak söwütden ýasalyp, ganat, dik agaç, meşik, tutawaç, ýaýjyklar, howa çeker, gapak, aýak, goşa tokurtga, iki sany uly nurbat, ganatlary birikdirýän iki sany kiçi nurbat ýaly böleklerden ybaratdyr. Taryh muzeýiniň hünärmeni Çaryýar Geldimedowyň gürrüň bermegine görä, bu gadymy enjam şol geňeşligiň çäginde ýaşap geçen, halk arasynda «Igdeli ussa» ady bilen tanalan Hojanazar ussanyň nebereleri tarapyndan muzeýe gowşurylypdyr. XIX asyrda geňeşligiň Bag obasynda ýaşap geçen Hojanazar ussa demirçilik hünärini kämil ele alan, halk arasynda tanalýan belli ussalaryň biri bolupdyr. Ençeme şägirtleri ýetişdiren ussanyň hünärini ogly Nurgeldi ussa ýöredipdir. Nurgeldi ussadan soň, bu käri onuň ogly Geldi ussa dowam etdiripdir. Soň olaryň demir eredýän desgasyna Geldi ussanyň ogly Mädemin mugallym, ondan soň agtygy Hangeldi ussa eýelik edipdir. Muzeýde Hojanazar ussanyň öz eli bilen ýasan gara tüpeňiniň nili hem saklanýar. Ezber ussa palta, syndy, keser ýaly esbaplary hem ýasapdyr. Atlara nal kakmakda, demir eredip, gaýtadan işlemekde Nurgeldi ussanyň öz pederi ýaly ezber ussa bolandygy barada häzir hem obanyň ýaşuly adamlary gürrüň edýärler.

Ejeş GELDIÝEWA,
Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň mugallymy.