Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn uly üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasy. Maňa hem şu ýyl talyp bolmak bagty miýesser etdi. Öz saýlap alan ugrum boýunça yhlas bilen okap, ilhalar lukmanlaryň biri bolup ýetişmegi maksat edinýärin. Şöhrat-şany dünýä dolýan döwletimiziň raýaty bolup ýaşamagyň, okamagyň özi — bagtlylykdan nyşan.