Orta mekdebi tamamlanymdan soňra ýokary okuw mekdebinde bilim almagy çagalygymdan bäri arzuw edýärdim. Ynha-da, arzuwym wysalyna gowşup, ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar talyp boldum.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş zehinleriň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde geçirilýän bäsleşiklere, halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bizi döredijilikde, ylymda-bilimde täze maksatlara ruhlandyrýar. Ynam bar ýerinde ýeňiş bar. Muňa men öz durmuşymda-da göz ýetirdim.