Ösüşlere beslenýän döwrümizde esasy arzuwymyň hasyl bolandygy — talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin göwün guşum ganatlanyp, başym göge ýetdi. Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen döwründe talyp bolmak — bagtlylygyň alamaty.
Bagtyýar ýaşlaryň hatarynda men hem orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklarymy özleşdirmekde, hemişe ökde okuwçylaryň hatarynda bolmakda yhlas-başarnygymy gaýgyrmadym. Ylmy we çeper edebiýatlary yzygiderli okadym. Bu bolsa bilimimiň has-da çuňlaşmagyna ýardam berdi. Okap, öwrenip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy bagtyýar talyp hökmünde esasy maksadym hasaplaýaryn. Okamak, öwrenmek bolsa öz saýlap alan ugruň boýunça ökde hünärmen bolup ýetişmekde esasy şertdir.