Mallaryň saglygyna zyýan berýän amatsyz şertleriň biri-de, olarda ýüze çykýan näsazlyklar bilen baglydyr. «Malym — janym» diýip, maldarçylykda uly tejribe toplan pederlerimiz olaryň sagdyn ösmegine, talabalaýyk otlamagyna, köpelmegine aýratyn üns beripdirler. Çünki mallaryň sagdynlygy olaryň örňemegine gönüden-göni täsir edipdir. Maldarçylykda ýokanç keseller oba hojalyk pudagyna ykdysady taýdan uly zyýan ýetirýär. Olardan mallara we adamlara howp salýany hem-de has giň ýaýran anaerob ýokanjy — klostridiozlar (howply çiş, emfizamatoz karbunkul, anaerob enterotoksemiýasy, nekrotiki enterit we beýlekiler) diýlip atlandyrylýan ýokary zäherlilik häsiýetli kesellerdir.
Maldarçylyk pudagyny häzirki zaman şertlerinde ösdürmäge bökdençlik döredýän ýokanç keselleriň biri hem garasandyr (EMKAR — emfizamatoz karbunkul, gangraena emphysematosa). Bu kesel gadymy wagtlardan bäri belli bolup, ilkinji gezek 1872-nji ýylda ylmy taýdan öwrenilipdir. Şu wagta çenli garasana garşy göreşmek boýunça gazanylan üstünliklere garamazdan, geografik ýerleşişine we toprak-howa şertlerine bagly bolmazdan, ol dünýä ýurtlarynda duş gelýän we maldarçylygyň ösmegine uly zyýan ýetirýän keselleriň biri hasaplanylýar.