«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirýän edermen pagtaçylarymyz üçin gyzgalaňly hem jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy barha golaýlaýar. Daýhanyň zähmet deri siňdirilip kemala getirilen hasyly çalt we gysga möhletde ýygnap almaga şu günlerden ykjam taýýarlyk görmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda Sarahs etrabynyň hojalyklarynda möwsüme taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, Sarahs etrap pagta arassalaýjy kärhanasynda bolduk. Şu ýyl etrabyň hojalyklarynda 18 müň gektar meýdanda gowaçanyň boldumly hasyly kemala getirilip, şol meýdanlardan 39 müň tonna pagta almak meýilleşdirilýär.
Ýurduň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň öndürilişini artdyrmak, ýerden ýokary hasyl almakda daýhany ähli tarapdan goldamak we olary ykdysady taýdan höweslendirmek babatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilýär, döwlet tarapyndan oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün etmekde gazanylýan ykdysady görkezijileriň iki tarapa-da bähbitli bolmagyny gazanmak babatynda aýdyň wezipeler kesgitlenilip, şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini ýola goýmak çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyna täzeçe nyrhlary girizmegi bilen, şu ýyl ýygnaljak hasylyň ahyrky netijeleri boýunça hasaplaşyk şol bahadan kesgitlener. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden bu Karary pagta öndürijileri alyp barýan işlerine has-da höweslendirip, bellenen meýilnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmeklerine ruhlandyrdy.