Bilim ojaklary çagalara garaşýar

27 Awgust 2024
542

Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky bu waka ýaş nesilleriň we bilim işgärleriniň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şol şatlykly günde 6 ýaşly bagtyýar çagalaryň müňlerçesi ilkinji gezek ak mekdeplere gadam basar. Munuň özi hemmeleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşar.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanýan, täze okuw ýylynyň başlanmagynyň şanyna ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýatda galyjy bolmagy üçin Gökdepe etrabynda hem ähli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýeňil abatlaýyş işlerinden soňra has görkana keşbe beslenen, döwrebap okuw-tehniki enjamlary, okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilen mekdeplerde bagtyýar çagalary garşylamak we täze okuw ýylyna täze güýç bilen guramaçylykly başlamak ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy. Olarda ýaşlar halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetler esasynda bilim-terbiýe alar.

Baýramgeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.