Aýmelek NURMUHAMMEDOWA,
Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy:
— Biz eýýäm çagalar bagyndakak okamagy, ýazmagy öwrenip başladyk. Terbiýeçimiz bize yhlas bilen köp zatlary öwretdi. Şonuň üçin men geçen okuw ýylynda «Körpe bilgirjeler» bäsleşiginiň şäher, welaýat tapgyrlarynda hem ýeňiji boldum. Indi bolsa mekdebe, has dogrusy, ilkinji mugallymymyzy görmäge howlugýan. Mugallymymyzyň diýenini iki gaýtalatman göreldeli okap, gündeligimizi hem dürli şekiljikler, nyşanjyklar bilen bezäris.