Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary kemala getirmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alnyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini, onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny, nurana geljegimiz hasaplanylýan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-sowat almagyny üpjün edýär, umumy orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň işe bolan höwesini artdyryp, jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. 24-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty ruhubelentlige beslendi. Bu maslahatda geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Bosagada duran 2024 — 2025-nji okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlanmak, öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler barada özara pikir alşyldy. Ata Watanymyzy söýmek, bilimli-terbiýeli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Biz hem maslahata gatnaşan bilim işgärleriniň käbiriniň çykyşlaryny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Aýgül POŞAÝEWA,
Arkadag şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri: