Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň aň we ruhy taýdan sagdyn ösüşini kemala getirmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmeginde gurulýan döwrebap bilim edaralarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän işine ökde bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Döredijilikli zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçiler ýaş nesle diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşda-da dogry ýoly tapmagyna uly ýardam berýärler. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde we ösdürilmeginde bilim işgärleriniň hünär ussatlygy, döwrebap, öňdebaryjy iş usullary möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegiň we ýaýratmagyň netijeli usullarynyň biri bolan pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýetini ýüze çykarýar.