Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kitaphanalaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda ýokary ruhubelentlikde guralan bäsleşige şäherdir etraplardan kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Welaýat Medeniýet müdirligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan dabarada kitaphanaçylar usuly gollanma taýýarlamakda, dananyň şygyrlaryny labyzly okamakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, olaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp etmek, ýylyň şygarynyň ähmiýetini beýan etmek, işiň aýratynlygyny açyp görkezmek boýunça teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda eden çykyşlaryna seljerme berlip, ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow birinji, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Amangeldiýewa ikinji, Murgap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Zakirowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik we höweslendiriji sowgatlary hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň Magtymguly etrabynda geçiriljek döwlet derejesindäki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň dowamynda joşgunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, akyldar şahyrymyzyň nusgalyk ömri-döredijiligini beýan edýän gysgajyk sahnalar görkezildi.