Her bir pudagyň ösüşi — bu milli ykdysadyýetimiziň geriminiň giňelmeginiň kepilidir. Azyk önümleriniň bolçulygy, şeýle-de öndürilýän önümleriň ýaramlylyk möhleti, olaryň içerki we daşarky bazarlardaky müşderileriň islegini doly kanagatlandyrmagy — bularyň ählisi oba hojalyk pudagynyň görnetin ösýändiginiň güwäsidir.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň Diýarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur bolan tagallalar ýerine ýetirilýär.