Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollar açyldy. Watanymyzyň, döwrümiziň, gazanylýan uly ösüşleriň waspynyň medeniýetimizde we sungatymyzda öz mynasyp beýanyny tapýandygy buýsandyryjy hakykatdyr.
Özüniň gadymylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy we täzeçilligi bilen dünýäniň sungaty öwrenijileriniň, döredijilik işgärleriniň ünsüni özüne çekmegi başaran medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň ýeten belent derejeleriniň özi wasp edilmäge mynasypdyr. Bu ulgamyň taryhyny we häzirki gülläp ösýän döwrüni beýan edýän täze kitaplaryň tapgyrlaýyn kitaphanamyza gelýändigini we olary ýaşlarymyzyň uly gyzyklanma bilen okaýandyklaryny bellemek gerek.