Göwünleri galkyndyrýan joşgunly tanslar

21 Awgust 2024
496

Beýik işleri bilen ata Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere medeniýet we sungat işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar» diýmek bilen, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň çekýän zähmetlerine örän ýokary baha berýär. Bize berýän şeýle ýokary bahasy, döredip berýän nusgalyk şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär we çekýän zähmetimiziň has-da netijeli bolmagy üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sungatyň uly üns berilýän we barha giň gerime eýe bolýan görnüşleriniň biriniň tans sungaty bolmagy talyplara şol ugurdan sapak berýändigim üçin meni örän guwandyrýar, buýsandyrýar. Biziň mekdebimizde hem tans sungatynyň ösmegine goşant goşmak, ýaş zehinli tansçylaryň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Mekdebimiziň talyplaryndan düzülen «Bagtyýarlyk» tans topary indi birnäçe ýyl bäri şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, konsertlerde yzygiderli çykyş edip gelýär. Talyplarymyzyň joşgun bilen ýerine ýetirýän türkmen milli tanslary tomaşaçylaryň göwünlerinden turýar, çäreleriň şowhunyny artdyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň esasy maksady hem halkyň göwnünden turup, onuň sagbolsunyna mynasyp bolmakdan ybaratdyr.

Uzukjemal AMANDURDYÝEWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň tans mugallymy.