Ussat kärendeçi zenan

20 Awgust 2024
541

Ekini ösdürip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmetiň gerek bolşy ýaly, birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän, ýygnap almaga hem başarnyk, guramaçylyk gerek. Halkymyzda ene topraga ak bugdaýyň tohumyny ekmek, ondan bol hasyl almak, saçaga bereket goşmak sogap iş hasaplanýar. Ynha, gadymy Lebap topragynyň gallaçy daýhanlarynyň hem döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirmekde gazanan üstünlikleri olaryň hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp çeken zähmetleriniň datly miwesi, bereketli topraga siňdiren yhlaslarynyň ajaýyp görkezijisi boldy.

Şeýle göreldeli daýhanlaryň biri hem Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýgül Jumaýewadyr. Halal zähmeti bilen hemmelere görelde bolýan Aýgül gelneje özüne degişli 2 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, döwlet harmanyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şu ýyl hem zähmetkeş zenan her gektardan 5 müň 200 tonna, jemi bolsa 10 müň 400 tonna bugdaý hasylyny döwlet harmanyna tabşyryp, özüniň öňde goýan maksadyna ýetdi, abraý bilen borçnamany berjaý etdi.

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz.