Halkymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýokumly miwelerdir gök önümler bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rysgal-berekede beslenýän günlerinde hususyýetçi daýhanlaryň miweçilik hojalyklarynda ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalyşyny göreniňde gözüň dokunýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde bölünip berlen ýerde dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, gazanylýan netijeler hem guwandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçilik üçin ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmeginiň netijesinde hususyýetçi daýhanlar keremli topragymyza yhlas siňdirip, halal zähmetden rysgal-bereket tapýarlar. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan özleşdirilen dag etegindäki giň meýdanda dürli görnüşli miweli baglaryň aňyrsy-bärisine göz ýetmeýän hatarlaryny göreniňde, ynsan eliniň, hakykatdan-da, gyzyl güldügine ynanýarsyň. Hususyýetçi daýhanlar tarapyndan müňlerçe gektara barabar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglardan bol hasyl ýygnalyp, halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyna uly goşant goşulýar.