«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024
Suwdan soň gök çaý dünýäde iň köp içilýän içgidir. Adaty gök çaý «Camellia sinensis» diýlip atlandyrylýan ösümligiň ýapraklaryndan taýýarlanylýar. Düzüminde uglewodlaryň, witaminleriň, beloklaryň, himiki elementleriň köpdügi sebäpli gök çaý adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem bu peýdaly içgi antioksidantlara we polifenola örän baýdyr. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bedendäki artykmaç ýaglardan dynmakda, bedeniň kaddy-kamatyny saklamakda, ýadawlygy aýyrmakda, artritiň agyrlaryny peseltmekde gök çaýyň haýry kändir. Şeýle hem gök çaý käbir beden agzalarynyň we deriniň sowuklamasynyň bejergisinde giňden ulanylýar. Bedeniň kesele garşy ukybyny ýokarlandyrmakda, çydamlylygy berkitmekde hem gök çaý içmegiň artykmaçlyklary bardyr. Lukmanlar ýürek-damar, süýjüli diabet kesellerinden ejir çekýänlere-de gök çaýy köpräk içmegi maslahat berýärler.