«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy döredijilik äleminde özüniň eserleriniň many-mazmunynyň kämilligi bilen türkmen edebiýatyny dünýä tanadan beýik şahsyýetdir. Şahyr döredijilik älemine ýaş wagty başlapdyr. Onuň şygyrlary şol döwürlerde-de, häzirki döwürde-de söýlüp okalýar. Pyragynyň goşgularyna aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Magtymguly Pyragy dürli temalara ýüzlenip, esasanam, watançylyk, öwüt-nesihat, gahrymançylyk, yşky-liriki, dostluk temalarynda goşgularyny ýazypdyr. Onuň goşgulary halk köpçüliginiň medeniýetiniň ösmegine hem öz täsirini ýetiripdir.