Türkmen türgenleri 6 – 10-njy awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanan bäsleşige Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerinden türgenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 9 türgeni dürli agram derjelerinde ringe atoparymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Džumakulow, ýaşlar ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Maksud Şeripow hem-de milli derejeli emin Timur Halilow halypalyk etdi. Türkmen boksçylary halkara ýaryşy 6 medal (1 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç) bilen jemlediler.