Pälwanyň pälwan perzendi

16 Awgust 2024
458

Garyşyk söweş sungatynyň ilkinji emellerini öwrenip başlan günleri Seýran bary-ýogy 3 ýaşyny doldurypdy. Zehinli oglanjygyň bu ýoluň menzillerine has kiçiliginden rowana bolmagyna kakasy Şöhradyň hem-de onuň agasy Orazgeldiniň göreldesi täsirini ýetiripdi. Onuň kakasy Ş.Orazgeldiýew başa-baş söweş sungatynyň ençeme ugurlaryndan uly üstünliklere, şol sanda MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden hem-de uniwersal söweşden dünýä derejesinde ajaýyp netijelere eýe bolupdy.

Kakasynyň agasy hem-de Seýranyň tälimçisi O.Orazgeldiýew hem uly ýeňişlere ýetipdi. Munuň özi Seýranyň sport ýolunyň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etdi. Şunlukda, ol ýaňy bir bäş ýaşynyň içindekä uşu sanda boýunça 7 ýaşly türgenleriň arasynda hem mynasyp çykyş etmegi başarýandygyny görkezmegiň hötdesinden geldi. Munuň üçin ol şol ýaşdaky çagalaryň arasynda guralan Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň Kubogyna hem-de ýeňşe bolan höwesi üçin ýörite baýraga mynasyp bolupdy.

Amanmyrat MYRADOW,
«Türkmen sporty».