Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guralýar.Ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän okuwlar mugallymlaryň özara pikir alyşmagyna hem-de tejribe toplamagyna uly ýardam edýär. Mugallymlaryň okuw tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän maslahatlar ähli mugallymlarda uly täsir galdyrýar. 16-njy awgustda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwy hem işjeň ýagdaýda geçdi. Bu ýerde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýollary, usullary, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny we sapaklary täzeçe usulda guramagyň ýollary hakynda aýratyn gürrüň edildi. Okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy barada çykyşlarda bellenildi.
Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.