Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň ussat ýer eýeleriniň, kärendeçileriniň asylly zähmeti netijesinde gök we bakja önümleriniň, miweleriň bol hasyly ýetişdirildi. Şu günler bu azyklyk nygmatlaryň hasylyny ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Ak bazarlarda elýeterli bahalardan satylýan gök önümleriň dürli görnüşi, datly miweler bereketli saçaklara bezeg berýär. Daýhanlar ýygnalan hasylyň uly bölegini welaýat merkeziniň eteginde ýerleşýän döwrebap ammara tabşyrýarlar. Bu ýerde gök-bakja önümlerini, miweleri ter ýagdaýda saklamaga, olary görnüşleri boýunça saýlamaga ähli şertler bar. Daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, ýerleri uzak möhlete ulanmaga alan daýhan hojalyklary we beýleki önüm öndürijiler önümleri saklamak üçin bu toplum bilen ýörite şertnama baglaşýarlar. Ammaryň degişli jaýlarynda ýylyň başyndan bäri 3700 tonna golaý ýeralma, 10 tonnadan gowrak erik kişdesi, alma-armydyň, ary balynyň we beýleki azyklyk önümleriň uly möçberi tapgyrlaýyn esasda ýerleşdirildi. Bu ýerde ornaşdyrylan ýyladyjy hem sowadyjy enjamlar howanyň zerur derejesiniň bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa önümleri ammara gelip düşen ýagdaýyndaky ýaly ter görnüşde saklamaga şert döredýär. Häzirki wagtda bu ýere kelem, käşir, ýeralma, kädi ýaly önümleriň täze hasyly gelip gowuşýar.