Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Döwrebap eserleriň sazlaşygy» atly sergi guraldy. Onda muzeýiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen şekillendiriş we amaly-haşam eserleri görkezildi.
Serginiň açylyşynda ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmek, türkmen medeniýetiniň özboluşly gymmatlyklary hasaplanýan sungat eserleriniň üsti bilen ýaş nesilde gözellik terbiýesini kämilleşdirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi baradaky çykyşlara uly orun berildi.