Baýlyklaryň seresi

15 Awgust 2024
482

«Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarynyň süňňünden syzylyp çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň iň çetki ýerlerinde-de döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. 

Nurmyrat KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň direktory.