Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu ösümligiň diňe miwesi däl, eýsem, agajynyň gabygy, ýapraklary, köki hem dürli derdiň dermanydyr. Ösümligiň miwesiniň düzüminde C, E witaminleri, alma, limon turşulyklary, efir ýaglary we başga-da adam bedeni üçin peýdaly ýokumlar saklanýar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Onuň gabygy bilen ýapragyndan ýüň we deri boýamak üçin reňk alynýar. Zirkiň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary şulardan ybarat:
— gyzgyny peseldýär;