Zehinli ýaşlara giň ýol
Talyplyk bagtyna mynasyp bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, olara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby boldular. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.