Ýaglyk daňdy
Halk arasynda ýaglyk daňdy däbi gadymdan gelýän milli däplerimiziň biridir. Gyza sawçylyga gelnende, oglan tarapyň sözi alnyp, saçak açylýar. Şondan soňra oglanyň ejesi durmuşa çykjak gyza ýaglyk daňýar. Bu däp gyzy adaglamak ýaly däplerimiz bilen hem meňzeşräkdir. Ýöne ondan tapawutlylykda, ýaglyk daňmak däbi saçak açylandan soň ýerine ýetirilýär. Adaglamak bolsa çagalykdan eline ýa-da boýnuna monjuk, bilezik dakmak bilen bellenilýär.