Halypa hakdaky ýatlamalar

14 Awgust 2024
553

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýew dessan we tirme aýdymlaryny aýtmagyň ýokary ussatlygyny görkezen halypalaryň biridir. Ömrüni aýdym-saza bagyş edip ýaşan döwründe: «Märekäniň göwnüne ýarap bilsem, dünýäde başga armanym ýok, il-günüme döneýin!» diýip, toýlarda ýüregi bilen hyzmat eden, il arasynda Çuwal bagşy ady bilen tanalýan ezber bagşy hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Il-halkymyzy ajaýyp eserleri bilen begendirip gelýän Gahryman Arkadagymyz hem «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Magtymguly Garlyýew häzir Çuwal bagşynyň (çuwal — bagşynyň tiresiniň ady) ýoly» diýilýän täze ugry döredipdir. Ýerli halypaçylyk däplerini kämilleşdirmekde-de ussat dessançynyň hyzmaty uludyr» diýip, buýsanç bilen ýazýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynda  öçmejek yz galdyran meşhur bagşy Magtymguly Garlyýew barada şu aýdylanlar hem onuň zähmetine, sungatyna, ussatlygyna, belent adamkärçiligine berlen ýokary bahadyr.

* * *

Taýýarlan Annamyrat BERDIMYRADOW,
žurnalist, mirasgär.