Gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary has yhlaslylyk görkezýärler. Bu topara indi on bäş ýyldan bäri tejribeli ekerançy Atamyrat Atanyýazow ýolbaşçylyk edýär. Ol işiň abyny-tabyny bilýän başarjaň guramaçy. Onuň söýgüli kesbi daýhançylyk. Ol toparyň her bir agzasyna, her bir atyzyna bäş barmagy ýaly belet. Atamyrat haýsy kärendeçi bilen nähili işleşmelidigini, haýsy atyza nähili garaşyk etmelidigini gowy bilýär. Şeýle bolansoň, bu ýerde işler barha ilerleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem topar boýunça 100 gektar meýdana gowaça ekildi. Şu wagta çenli gowaçalaryň hatar aralary 12 gezek bejerilip, 3 gezek dökün berildi we 3 gezek suwaryldy. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi hem ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirildi. Şu günler idegi kemsiz ýetirilýän gowaçalar köpçülikleýin hasyla durdular.
Ynha, biz 4,5 gektarlyk atyzyň gowaçalaryny synlaýarys. Kemsiz boý alyp, ymykly hasyla duran gowaçalary synladygyňça, gözüň dokunyp, guwanjyň artýar.Ýetişip gelýän bu berekediň aňyrsynda, gör, näçe daýhan zähmetiniň durandygyna sözsüz düşünip bolýar. Onýança ýoldaşymyz, kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Atamyrat Atanyýazow içki begenjini daşyna çykardy: