Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar.
Magtymguly türkmeniň şygryýetinde gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.