Zergärçiligiň iň gadymy we giň ýaýran görnüşleriniň biri hem monjuklardyr. Monjuklar irki döwürlerden bäri gymmatbahaly daşlardan, süňklerden, jandarlaryň dişlerinden, balykgulaklardan, altyn, kümüş we beýleki önümlerden ýasalypdyr. Monjuklaryň, öz gezeginde, saça, boýna, eliň goşaryna, gulaga dakylýan görnüşleri bardyr. Ýaşajyk gyzjagazlaryň gulagy deşilende, sapaga düzülen monjukly ýa-da uly bolmadyk hünjüli gulakhalka dakypdyrlar. Hünji bilen monjuklardan gezekleşdirilip düzülen sep ýaş gyz-gelinleriň goşarlaryny, gartaşan aýallaryň bolsa boýnuny bezäpdir.
Monjuklar, öz gezeginde, düzülişi we dakylyş görnüşleri hem-de atlandyrylyşy boýunça tapawutlandyrylýar. Lebap sebitlerinde ýaşaýan gelin-gyzlar arassa merjen-hünjülerden sapaga düzülen, dürli reňkler bilen nagyşlanylan monjuklary dakynypdyrlar. Olar gelin-gyzlary asylly, edepli görkezipdir. Zenanlar monjuklaryň arasyna ýantar daşyndan ýasalan monjuklary goşup dakmak bilen, olaryň dürli dertleri bejerijilik häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Şeýle-de olar käbir keselleriň öňüni almakda we bakteriýalary ýok etmekde örän haýyrlydygy üçin monjuklara kümüş teňňeleri hem dakypdyrlar.