Milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar

14 Awgust 2024
506

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasymyzy, milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Milli medeniýetimiziň, taryhy gymmatlyklarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilmegi, maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işler guwanjymyzy, buýsanjymyzy artdyrýar. Şolaryň esasynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolup, ol medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goralyp saklanylmagy boýunça alnyp barylýan halkara hereketlerde möhüm ähmiýeti eýeleýär.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, milli «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň we beýleki birnäçe gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhynda şanly wakalar bolup dabaralandy.

Eziz ÇARYÝARGULYÝEW,
Balkanabat şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.