Sport we ýaşlar

14 Awgust 2024
548

Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrapdaky  1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa guramanyň wekilleri, tälimçiler, ýaş türgenler gatnaşyp, dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň sport mümkinçilikleri, bu ugurdan gazanylýan netijeler hem-de amala aşyrylýan işler barada täsirli söhbet etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.